Strasburgda Russiýa garşy ýörite tribunal döretmek boýunça şertnama gol çekildi

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Alen Berse

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Alen Berse Ukrainada agressiýa jenaýatlaryny derňemek üçin ýörite tribunaly döretmek baradaky şertnama gol çekdiler. Bu çäre 25-nji iýunda Strasburg şäherinde geçirildi diýip, “Ukrainskaya prawda” habar berýär.

Täze dörediljek tribunal Russiýanyň Ukraina garşy hüjümine jogapkär bolanlary derňemek we jogapkärçilige çekmek bilen meşgullanar diýip garaşylýar. Ony döretmek boýunça iş toparyna 41 döwlet, Ýewropa Komissiýasy, Ýewropa Daşary syýasat gullugy hem-de Ýewropa Geňeşi girýär.

Bu tribunal arkaly halkara hukuk ulgamyndaky boşlugy doldurmak hem-de urşy başlatmakda jogapkärleri halkara derejesinde jogapkärçilige çekmek maksat edinilýär.