Şu ýyl goşun gullugyna ýazky çagyryş boýunça alnan raýatlaryň harby kasam dabaralarynyň ençemesi ýatyrylypdyr. Bu barada Azatlyga ýaşlaryň ene-atalary we harby çeşme habar berdiler.
"Balkandaky harby bölümleriň wekilleri harby gulluga täze alynan ýaşlaryň ene-atalaryna 26-njy, 29-njy we 30-njy iýunda geçirmek üçin bellenen kasam çäreleriniň ýatyrylandygyny habar berdiler" diýip, balkanly çeşmeleriň biri habar berdi. Onuň sözlerine görä, harby wekiller bu habary esgerleriň öýlerine baryp, ýetirýärler.
Harby kasama çekilmeli ýaşlar goşun gullugyna şu ýylky çagyryş möwsüminiň dowamynda aprel we iýun aýlarynyň aralygynda alyndy.
Degişli maglumat Raýatlary harby gulluga çagyryş düzgünleri berkleşýär, ýaramsyzlyk kepilnamalary 'ünsden düşürilýär'"Maý aýynda oglum serhetdäki pyýada goşunlar polkuna gulluga alyndy. Golaýda 26-njy iýuna bellenen harby kasam çäresine çagyrylypdym, indi goňşy Eýranda bolýan wakalar sebäpli esgerleriň kasam ediş çäresini ýatyrylandygy belli boldy. Men kösenip para berip otla bilet satyn alypdym. Indi döwlet bahasyndan hem has az pula yzyna tabşyrmaly boldum" diýip, balkanly ýaşaýjy öz oglunyň ýagdaýyndan alada edýändigini gürrüň berdi.
Ýene bir esgeriň garyndaşy käbir ene-atalaryň öz ogullarynyň serhet goşunlaryna iberilmezligi üçin para bermäge kaýyl bolýandygyny aýtdy.
"Türkmenabatdaky ýa-da Darganatadaky harby bölüme oglumy goýbermekçi boldum. Özbek serhedi hemişe parahat, özbek halkyndan bize howp ýok" diýip, ene gürrüň berdi we "guşgy, Tagtabazar, Saragt serhetleri hemişe gorkuly" diýip, sözüniň üstüne ýetirdi.
Emma ene-atalaryň sözlerine görä, harby gulluga alnan ýaşlary has howpsuz goşuna ýerleşdirmek üçin soralýan parany tölemek maşgalalaryň hemmesine elýeterli däl. "Owgan serhedine golaý goşunlara goýbermejek bolsaň, woýenkomat 10 müň manatdan köp para soraýar. Ýakyn Gündogardaky ýagdaý başlanaly bäri balkanlylar öz ogullaryny hatda Aşgabatdaky harby goşunlara-da ibermek islemeýärler. Alajy bolsa Lebap welaýatyna ýa-da Daşoguza harby gulluga goýbermek üçin para berýärler" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.
Şeýle-de, çeşmeler Eýran we Ysraýyl arasyndaky ýaragly dartgynlylygyň türkmen-eýran serhedindäki goşunlarda gulluk etmek islegleriň hasam azalmagyna we şu sebäpden paranyň ýokarlanmagyna getirendigini belleýärler.
"Balkanda şu günler woýenkomatlar türkmen-eýran serhedinde gulluk etmek islemeýänler üçin paranyň möçberini 20 müň manatdan artdyrdylar" diýip, ýerli harby bölümlerdäki ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Esgerler goşun gullugyndan öýlerine dolanýar, ýaşlarda harby gulluga isleg gaçýarTürkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýylda iki gezek güýzde we bahar aýlarynda geçirilýän goşuna çagyryş möwsümi ýaşlar we ene-atalar üçin örän aladaly geçýär. Ene-atalar öz çagasynyň goşun gullugy üçin has amatly şertli hasaplanýan goşun bölümini saýlamak, ýa-da olary gullukdan alyp galmak ugrunda mümkinçiligine görä, çäre görmäge synanyşýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Problema döwlet mediasynda hem gozgalmaýar.
Türkmenistanyň ýaragly güýçlerindäki agyr şertler, esgerlere edilýän ýowuzlyk, açlyk, lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, uly esgerleriň we harby ýolbaşçylaryň ýaşlara zulum etmegi ýaly problemalar ýyllarboýy saklanyp galýar. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we şikes almagy ýaly pajygaly ýagdaýlar hem köpçülige ýygy-ýygydan mälim bolýar.
Degişli maglumat Esgerler aç-hor bolýar, harby gullukdan soň işsiz, içýän ýaşlar köpelýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.