Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Diňle: Sebit ýaşaýjylary demirýol gatnawynyň 'ýatmagyndan' käýinýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:47 0:00
Demirýol gatnawlaryndaky meseleler 'bilet gytçylygyndan' başlanýar.
Demirýol gatnawlaryndaky meseleler 'bilet gytçylygyndan' başlanýar.

Goňşy Eýranda dörän ýagdaýlar bilen baglylykda, uçar gatnawlarynyň bökdençlikleri sebäpli, Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryň öz watanlaryna gowuşmaklaryna kömek etmek üçin ýörite demirýol koridory açyldy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Şu gün, 26-njy iýunda gelen habara görä, bu demirýol koridory ozal hem gatnaw, transport kynçylyklary az bolmadyk türkmenistanlylar üçin, ol ýa-da beýleki möhümleri üçin ýolagçy bolsalar, tomsuň yssy günlerindäki syýahatçylygy has agraldyp, goşmaça kynçylyklary döretdi.

“Türkmenistanyň öz raýatlary indi, täze açylan demirýol koridory sebäpli, paýtagtdan Lebap, Mary welaýatlaryna otly bilen baryp bilmeýärler. Bu kynçylyk wagtlaýyn, geçiji zat hökmünde, biletleriň satuwda bolmazlygy bilen düşündirilýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi bu çäräniň näçe wagt dowam etjekdigini bilmeýändigini aýtdy.


“Türkmendemirýollary” agentliginiň web sahypasynda bu ýagdaý barada hiç bir zat aýdylman, Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, britan tarapynyň türkmen ýolbaşçylaryna Birleşen Patyşalygyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirendigi habar berilýär.

Demirýol gatnawynyň ýatmagy taksi nyrhlaryny galdyrdy

Ýurduň iki uly sebitine gatnaýan otlularyň hereketiniň togtadylmagy awtobandan, ýokary tizlikli awtoulag ýolundan adam gatnadýan taksileriň nyrhlarynyň bada-bat ýokarlanmagyna alyp geldi.

“Häzirki wagtda Aşgabat bilen Lebap aralygynda ýolagçy bolanlar, kiçi ulaglarda adam başyna 600, 700 manat möçberinde ýol kireýini tölemeli bolýarlar. Siyenaly gaýtmak üçin adam başyna 400, 500 manat alýarlar” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýolagçy “Toyota sienna” ulagyny nazarda tutup aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu türkmen halkyna agyr degdi.

“Adamlar mejbury, şol soralýan tölegi töläp, goşmaça çykdajy edip gaýtmaly bolýarlar. Sebäbi uçara bilet almak üçin iki, üç hepde öňünden aladasyny etmeli, bolmasa bilet tapdyrmaýar.”

Ýangyç gytçylygy saklanyp galýar

Şol bir wagtda, söhbetdeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, taksi nyrhlarynyň ýokarlanmagy diňe Eýrandan çykýan daşary ýurt raýatlaryna kömek üçin açylan demirýol koridory bilen hem bagly däl.

“Taksi nyrhlarynyň gymmatlamagy ýurtdaky ýangyç, benzin gytçylygy bilen hem bagly bolup biler. Ýangyç guýulýan beketlerde benzin ýok, adamlar sagatlap nobata durýarlar. Welaýatlardaky benzin gytçylygy bolsa, eýýam bir aý bäri dowam edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary ýurtdaky benzin, ýangyç meseleleri, awtobus, taksi, otly we uçar gatnawlaryndaky kynçylyklar, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada yzygiderli habar berýär. Emma häkimiýetler bu ýagdaý barada ne Azatlyga, ne-de ilata düşündiriş berýär.


Golaýda, Ýakyn gündogarda dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, ýerli habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşip, öz aladalaryny paýlaşan serhet ýaka ýaşaýjylary, etrekli, esengulyly, sarahsly raýatlar özleriniň ýurduň beýleki sebitlerinden üzňe, kyn şertlerde ýaşaýandyklaryny gürrüň berdiler.

Emma türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, raýatlaryň daşary ýurt habar serişdeleri arkaly bildirýän aladalaryna hem baş galdyrmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG