Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşemowyň ejesi tussag ogluny boşatmaga çalyşýar, jemgyýetde duýgudaşlyk güýçlenýär


Myrat Duşemow we ejesi Täzegül Mämmedowa. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tussaglykdaky Duşemowyň yzarlanmagyny syýasy matlaply hasap edýärler.
Myrat Duşemow we ejesi Täzegül Mämmedowa. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tussaglykdaky Duşemowyň yzarlanmagyny syýasy matlaply hasap edýärler.

Türkmen aktiwisti Myrat Duşemowyň ejesi dört ýyllyk tussaglyk möhleti gutaran oglunyň türmeden boşadylmagy ugrunda tagalla edýär. Täzegül Mammedowa oglunyň ýagdaýy barada özüne ne maglumat berlendigini, ne-de ony görmäge rugsat edilendigini aýdýar. Adalaty gözleýän ene gönüden-göni döwlet ýolbaşçylaryna ýüzlenýär.

Myrat Duşemowyň tussaglyk möhleti 14-nji iýunda doldy, emma ol öýüne dolanmady. 2021-nji ýyda tussag edilip, dört ýylyny türmede geçiren ogluna sabyrsyzlyk bilen garaşan ene onuň gözlegine çykmaly boldy.

Täzegül Mammedowa Azatlyk Radiosy bilen 26-njy iýunda eden söhbetdeşliginde şeýle gürrüň berdi:

"Oglum Myrat 14-ne gelmelidi, gelmedi. Men 12-nji koloniýa jaň edip soradym, ilki biri '9-njy koloniýa iberildi' diýdi. Soňkylary näçe jaň etsem-de jogap bermediler. Onsoň men 9-njy koloniýa bardym, Abdyşükür türmesine. Olardan soradym, 'şu taýda diýdiler. Onda men ony görüp bilermi diýsem, 'ýok, görüp bilmersiň' diýip jogap berdiler. Zat geçirip bilerinmi diýsem, 'ýok, zat beýlede dursun, ýekeje kükürt çöpüni-de geçirip bilmersiň', diýdi äpişgede oturan. Soň men BMG arz etjek, başga ýerlere arz etjek diýemsoň, iki sany erkek kişi we bir gelin ýanyma gelip, meni bir otga salyp, sorag etdiler. Olar 'nireden eşidip geldiň?' diýip soradylar. Men olara näme hakym ýokmy diýsem, olar 'hakyň bar, ýöne aýt nireden eşideniňi' diýdi. Menem şol [türmä] jaň eden nomerlerimi görkezdim. Indi näme üçin men oglumy görmeli däl diýsem, 'görkezemzok' diýdiler. Men oňa zat geçireýin, köýnek balak geçirip bor-a, näçe günden bäri ýatan adama diýsem, 'şu taýa 10-na getirildi, naharyna gowy seredýäris' diýdi".

Duşemow tussaglyk möhletini LB-E/12 koloniýasynda geçirdi. Häzir ol Türkmenabatdaky LB-D/9 türmesiniň deslapky tussaghanasynda saklanýar. "Turkmen.news" neşiri Duşemowa garşy bir tussagyň şikaýat edendigini habar berdi.

Täzegül Mammedowa ogly Myrat Duşemowy görmek üçin türmä iki gezek barypdyr. Ene ogly üçin alyp baran zatlaryny geçirmäge rugsat alandygyny, emma özüne oglunyň tussaglykda saklanmagynyň sebäbiniň düşündirilmändigini belledi.

"Ýöne şol ilki baranymda-da aýtdym, näme sebäpden basdyňyz diýip, 'uruş bolupdyr, urşupdyr' diýdiler. Öz diýýäniňize özüňiz ynanýarsyňyzmy, uruşýan adam däl ol. Göreniňizde tanarsyňyz diýdi. Öňem töhmet bilen gitdi, ýene töhmet atýarsyňyz diýdim. Ikinji gezek barymda zatlarymy geçirdiler. Emma görkez diýsem, 'görkezemizok, görkezmek gadagan, görkezjek däl' diýdiler".

Täzegül Mammedowanyň türme ýolbaşçylaryny görmek boýunça eden tagallalary netije bermändir, ony tussaghananyň ýolbaşçylarynyň hiç biri dürli bahanalar esasynda kabul etmändir. Ene öz oglunyň aklawçysy bilen duşuşmagy başarypdyr we aklawçynyň Myrat Duşemowyň ýanyna bir gezek barandygyny anyklapdyr.

Duşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda sud edilip, adamy talamakda we bedenine ortaça agyrlykdaky zeper ýetirmekde günälendi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Duşemowa garşy ulanylan bu aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp, raýat pozisiýasyny açyk beýan eden we kanuny haklaryny, adam hukuklaryny talap eden adama garşy toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" (HRW) guramasy 25-nji iýunda çap eden maglumatynda türmede oturan aktiwistiň täze şübheli aýyplamalara sezewar edilendigini belläp, türkmen häkimiýetlerinden Myrat Duşemowy derrew we şertsiz boşatmagy we onuň tussaglygyny uzaltmak üçin edilýän kemsidiji tagallalardan el çekmegi talap edýär.

"Duşemow parahatçylykly aktiwligi sebäpli aýylganç adalat ýalňyşlygyny eýäm başyndan geçirdi" - diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

Duşemowyň ejesi Täzegül Mammedowanyň sözlerine görä, häkimiýetler Myrat Duşemowyň ykbalyna degişli anyk maglumat bermekden saklanýarlar: "Suduň haçan boljagyny, nirede boljagyny aýdanoklar, adwokata hem aýdanoklar, olam bilenok" diýip Mammedowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ene öz ogly üçin adalaty talap edip, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi. Onuň wideo çykyşy internet platformalarynda peýda boldy. Täzegül Mammedowa türkmen ýolbaşçylaryna öz arzyny Azatlyk Radiosynyň üsti bilen hem eşitdirmek isledi.

Myrat Duşemowyň ýagdaýy we onuň ejesiniň öz ogluny boşatmak boýunça edýän tagallalary türkmen jemgyýetinde uly seslenme döretdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary soňky günlerde türkmen jemgyýetçiliginde graždan aktiwisti we töhmet bilen türmä basylan Myrat Duşemowyň türme tussaglygyndan boşadylmazlygy we onuň ejesi Täzegül Mammedowanyň ataly-ogul Berdimuhamedowlara aç-açan ýüzlenmegi, öz oglunyň bigünä türmede oturyp, ikinji möhlete tussag edilmek howpy barada giňden pikir alyşylýar diýip, habar berýärler.

Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar türkmen häkimiýetleriniň enäniň ýüzlenmesine aç-açan reaksiýa bildirmegi zerur diýen pikirleri öňe sürdüler.

"Eger Arkadag Arkadag bolýan bolsa we onuň ogly Serdar Täzegül Mammedowanyň çykyşyna jogap bermäge özlerinde syýasy erk we güýç tapmaly" diýip, türkmenistanlylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

Söhbetdeşleriň ýene biri Myrat Duşemowyň koronawirus döwründe ýagdaýy bilmek isleginiň ilat köpçüliginiň pikirine doly gabat gelendigini ýatladýar.

"Ol hökümete ýa konstitusion gurluşa garşy hiç hili hereket etmedi. Ol koronawirus pandemiýasynda öz ejesiniň we raýatlaryň saglygy bilen baglanyşykly hukugyny gorap çykyş etdi. Meniň hem ençeme goňşularym koronawirus belasyndan ýogaldy, öz gaýyn enem hem pnewmoniýa keselinden zordan gutuldy, ýöne hökümet koronawirusyň bardygyny boýun almady. Hökümetiň pandemiýa bilen baglanyşykly meseleleri asla boýun almazlygy hem soňy bilen Myrat Duşemow ýaly biparh däl raýatlary öz hukuklaryny talap etmäge mejbur etdi" diýip, paýtagtly 40 ýaşly ýaşaýjy aýtdy.

Daşoguzly medisina işgärleri hem habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde koronawirus keseliniň ýurduň lukmançylyk ulgamy üçin uly ýitgili zarba bolandygyny aýdyp, hökümetiň bu agyr meseläni gizlemeginiň onuň ilat arasyndaky abraýyny gaçyradygyny belledi.

"Öz saglygy ugrunda sorag beren ynsana ýalan aýyplama bilen iş kesip, türmä höküm etmekligiň özi hem türkmen häkimiýetleriniň nä derejede ynsanperwerlikden, akyl-huşlykdan, kanunylygyň nam-nyşanyndan hem näderejede üzňeligini görkezdi" diýip, daşoguzly lukman gürrüň berdi.

Maryly bir ýaşaýjy Duşemowyň koronawirus barada gozgan meselesiniň hut öz maşgalasy üçin wajypdygyny, öz daýzasynyň ýaramlylygy sandan çykan waksina zerarly aradan çykandygyny belläp, özüniň hem şol ýagdaý bilen bagly medisina ýolbaşçylaryndan we häkimiýetlerden hiç hili düşündiriş alyp bilmändigini belledi.

"Maşgalamyzyň lukmançylyk we derman senagaty ministrligine, prokuratura, Ministrler Kabineti, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça döredilen döwlet topary ýaly edaralaryna, içeri işler ministrligine ýazan onlarça arzasyna hiç hili jogap alyp bilmedik, ýogalan daýzamyň ölümine günäkär adamlar jogapkärçilige çekilmedi. Şonuň üçin hem, Myrat Düşemow öz hak-hukugyny gorap çykyş eden aktiwist hut biziň maşgalamyza gelen pajygaly hasratyň öňüni almak isledi" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Myrat Duşemow 2021-nji ýylyň iýunynda Büzmeýiniň 12-nji saglyk öýünde häkimiýetleriň koronawirusa garşy mejbury sanjym talaplary boýunça saglyk resmilerinden düşündiriş talap edip, bu gürrüňdeşligiň gizlin düşürilen wideosyny sosial ulgamlara syzdyrdy. Munuň yzýany Büzmeýiniň etrap sudy ony jemgyýetçilik ýerinde goh-galmagal turuzmakda günäli tapyp saklady we jerime saldy.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan lebaply, balkanly ýaşaýjylar we lukmanlar Myrat Duşemowa garşy edilýän repressiw basyşlaryň ilkinji nobatda türkmen halkynyň maglumat almak we ýaýratmak, hak-hukuklaryny bilmek we talap etmek hukugyna garşy gönükdirilendigini nygtadylar.

Myrat Düşemowyň ejesi Täzegül Mammedowanyň ogluny goramak üçin edýän çykyşy jemgyýetde uly goldaw tapyp, raýatlaryň tankydy pikir alyşmalarynyň gerimini has hem artdyrdy diýip, habarçylar bellediler.

"Täzegül ejäniň öz oglunyň hukugyny aç-açan talap edip çykmagy türkmen halkynyň arasynda uly emosional sarsgynlyk döretdi" diýip, Balkanly ýaşaýjy aýtdy.

26-njy iýunda Gynamalara garşy halkara güni bellenýär.

Adam hukuklary boýunça halkara guramalary Türkmenistanyň türmelerinde, şol sanda deslapky tussaghanalarda gynamalaryň giň ýaýrandygyny, häkimiýetleriň tussaglara etmedik günäni boýun aldyrmak üçin zorluk, şol sanda fiziki zulum görkezýändigini nygtadylar.

Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygynyň (IPHR) çap eden maglumatynda türkmen türmelerinde tussaglaryň aşa köpdügi, bendilere medisina kömeginiň berilmezligi we olara fiziki hem-de ruhy basyş edilmegi bellenýär.

Gurama adam hukuklary boýunça "Türkmen Inisiatiwasy" bilen bilelikde aprel aýynda BMG-niň gynamalara garşy komitetine ýollan synynda Türkmenistanyň kanunlaryna 2022-nji ýylda goşulan gynamalary gadagan edýän üýtgetmelere garamazdan, bu çäreleriň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigine ünsi çekipdi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanda raýatlaryň tussag edilen pursadyndan başlap, olaryň kanuny haklaryny, şol sanda medisina barlagy ýaly hukuklaryny üpjün etmek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmeýändigine aladalanma bildirdi. Şeýle kepillikleriň we garaşsyz gözegçiligiň bolmazlygy tussaglar üçin rehimsizlik töwekgelçiligini has hem artdyrýar diýlip, komitetiň dokumentinde aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG